Halkara nebit we gaz uniwersiteti 7-8-nji maý günleri «Açyk gapylar» günlerini geçirýär

09:4227.04.2020
0
11775

Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2020 — 2021-nji okuw ýylynda mekdebimize we onuň Balkanabat bölümine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 7 — 8-nji maýynda 15:00-da geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada türkmen metbugatynda ýörite bildiriş berildi.

Ýaşlar şol günlerde hormatly Prezidentimiz Gurbang uly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw, häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy-ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-13-05, 39-13-18.

Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheri, G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 4-93-62, 2-19-98.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň