TÝL ― 2020: 5-nji pökgüsini geçiren Elman Tagaýew bombardirligiň başyny çekýär

01:1826.04.2020
0
6006

«Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýew Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Köpetdag» bilen geçirilen duşuşykda 1:0 hasabynda gazanylan ýeňişe uly goşant goşdy. Onuň 35-nji minutda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soňra, «Ahal» möwsümdäki dördünji ýeňşini gazandy.

Şeýlelikde, 30 ýaşly futbolçy möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 5-e çykardy. Ol bu netije bilen möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň başyny çekýär. Ikinji orundaky Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda bolsa 3 gol bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň