TÝL ― 2020: «Altyn asyr» ýeňşi ahyrky minitlarda elden gidirdi

01:0526.04.2020
0
5921

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň netijesine iň kän garaşylan duşuşyklarynyň birinde «Energetik» ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyry» kabul etdi.

Tejribeli hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew duşuşygyň 69-njy minudynda «Altyn asyry» hasapda öňe çykaran hem bolsa, «aragatnaşykçylar» beýleki bir hüjümçisiniň ýalňyşlygy bilen bu duşuşykda hem utuk ýitirdiler. Esasy wagtyň goşmaça minutlarynda «Altyn asyryň» hüjümçisi Röwşengeldi Halmämmedow pökgini säwlik bilen öz derwezesine geçirdi.

Şeýlelikde, Rahmanguly Baýlyýewiň şägirtleri utulyşdan soňky sekuntlarda halas boldular. Ýazguly Hojageldiýewiň topary bolsa ýene-de utuk ýitirdi. Häzir ýaryşda «Altyn asyr» dördünji, «Energetik» bäşinji orunda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň