Soňky habarlar

Arhiw

Halkara gözellik bäsleşginiň ýeňijileri sylaglandy

23:5725.04.2020
0
9544

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk çärelriniň çäklerinde Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

Şeýle bäsleşikler Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimli maksatnamasyna berk ornaşdy, ýöne her gezek bu deňsiz-taýsyz şüweleň atlary söýüjileri hem, kopi gören janköýerleri hem täzeden geň galdyrýar. Bu gezek hem şeýle boldy.

Deslapky tapgyrlarda Aşgabadyň, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň ahalteke tohum atlarynyň arasyndan iň oňat wekilleriniň saýlanyp alnan onusyny syn ediş meýdançasyna çykarýarlar.

Olaryň her biri eminleriň öňünden iki gezek geçirildi. Birinji gezekde bezegsiz görnüşinde, ikinji gezekde bolsa, bezelen şaý-sepli görnüşinde emin agzalarynyň öňünden geçdiler.

Ähli bedewler ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we köpçülige görkezilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan atlar meşhur ata-babalaryndan gaýdýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär.

“Behişdi” bedewleriň köpsanly janköýerleri arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha berip bildiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz adybir kitabynda ýazyşy ýaly, türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty bolan täsin bedewler bulutlaryň aňyrsyndan öwşün atýan belentliklerden inip düşýän ýaly, gözüňi gamaşdyryjy ajaýyp keşbinde peýda boldular.

Hakyky sazlaşygy bozmazlyk üçin şunuň ýaly tebigy gözelligiň haýsydyr bir zat bilen üstüni ýetirmek kyndyr, ýöne türkmenler bu işi inçelik bilen etmegi öwrenip, kümüş, altyn we gymmat bahaly tebigy daşlary, zergärleriň yhlasly zähmetini gaýgyrman, öz atlaryny hakyky gymmat baha bezegler bilen bezeýärler.

Atlar mertebeli kaddy-kamaty bilen öz daşky sypatlaryny we okgunly ukybyny saklap bilýän başarnygyny görkezip, beden gurluşlarynyň nepisligi hem-de deňsiz-taýsyz ölçegleri bilen haýran galdyrdylar. Dogrudan-da, arassa ganly at iň oňat seýisleriň tagallalary bilen taraşlanan hakyky genji-hazynadyr.

Dabaranyň barşynda bu gözellikleri şu ýere ýygnanan suratkeşler öz surat eserlerinde beýan etdiler.

Bäsleşigiň netijelerini jemlemegiň hem-de abraýly eminleriň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip, Gerden we Owadan diýen atlaryň nesli bolan Gyrsakar diýen gara bedew yglan edildi. Bu bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir. Onuň seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Mämmetmyrat Gazakow.

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baş baýrak - Audi Q8 awtoulagyň açary gowşuryldy.

Atyň seýisi gymmat bahaly baýrak hem-de ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine ägirt uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol ata-babalarymyzyň bu ugurdaky ýörelgelerini türkmen atşynaslarynyň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem bu ýerde täsin tebigy gözelligi sungatda çeper beýan etmek ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Iň oňat işler haly eserini döretmek, zergärçilik eseri, iň oňat surat we heýkel eserleri, şeýle hem neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi diýen ugurlar boýunça saýlanyp alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu owadan, akylly we duýgur bedewleriň tutýan ornuny görkezmekden ybaratdyr.

Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy we täsin zehini eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de päkize güýç-kuwwata beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.

Bu bäsleşikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar şu ýeňijilere: haly suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe—“Bagtyýarlygyň mekany” atly Türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly eseri üçin 3 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zergär mugallymy Şazada Orazberdiýew —“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýen Türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary zergärçilik işi üçin 2 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň müdiri Parahat Gapançaýewe —“Parasat” atly Türkmen bedewiniň iň gowy nakgaş eseri üçin 1 müň 500 amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Patdyk Patdykowa --“Bitaraplygyň mekany” atly Türkmen bedewiniň iň gowy heýkel eseri üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde; “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň foto-habarçysy Hasan Magadowa —“Ýüwrük bedewler” atly Türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi – kalendar foto işleri üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň teleoperatorlar bölüminiň teleoperatory Alekseý Koçetowa—“Ganatly bedewler” atly Türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion wideoşekili üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň