Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar ligasy ― 2020: «Energetigi» uly hasap bilen ýeňen «Altyn asyr» ýaryşyň başyna geçdi

09:3925.04.2020
0
4810

24-nji aprelde Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň bäşinji tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Maryda ýerli «Energetik» toparyndan 0:4 hasabynda üstün çykan «Altyn asyr» toparynyň ýaşlar düzümi toplan 12 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçdi.

Tapgyryň beýleki duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda «Köpetdag II» topary «ahally» deň-duşlaryndan 2:3 hasabynda ýeňildiler.

5-nji tapgyryň jemleýji duşuşyklary 25-nji aprelde geçirilip, onda «Aşgabat II» – «Nebitçi II» hem-de «Şagadam II» – «Merw II» toparlary duşuşarlar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Energetik II” – “Altyn Asyr II” – 0:4

Gollar: 28, 90+3 Merdan Muhadow, 39 Şamämmet Hydyrow, 80 Yhlas Toýjanow (“Altyn Asyr II”)

 

“Köpetdag II” – “Ahal II” – 2:3

Gollar: 44 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, 50 Röwşen Begjanow (“Köpetdag II”) – 7 Agageldi Täçmämmedow, 83 Azady Annadurdyýew, 84 Orazgeldi Seýidow (“Ahal II”).

 

Şu iki duşuşykdan soň, ýaryşyň ilkinji üç ornuny 12 utuk bilen «Altyn asyr II», 10 utuk bilen «Nebitçi II», 8 utuk bilen «Ahal II» eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň