Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzümine täze agzalar kabul edildi

23:3424.04.2020
0
10037

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň, şol sanda daşary ýurtly agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi.

Resminamalara laýyklykda, degişli daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçesi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň