Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna Türkiýäniň eksport harytlary ýüklenen 30 konteýner ugradyldy

21:1124.04.2020
0
24181

Azerbaýjanyň Alýat portundan Türkiýäniň eksport harytlary ýüklenen 30 konteýner Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ugradyldy. Bu barada «Azerbaýjan demir ýollarynyň» resmi web saýty habar berýär.

Baku ― Tbilisi ― Kars aralygyndaky demir ýol arkaly Azerbaýjanyň paýtagtyna jemi 82 konteýner ýük getirildi.

Uzynlygy 940 metre ýeten otludaky ýükler Azerbaýjana, Türkmenistana, Gazagystana hem-de Özbegistana niýetlenendir. Şolardan 20 konteýner ýük Azerbaýjanda galdy, 30 konteýneri Türkmenbaşy, 8-si Kuryk, 24-si Aktau portlaryna ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň