Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebi 29-njy aprelde we 15-nji maýda «Açyk gapylar» günlerini geçirýär

17:0024.04.2020
0
2657

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi şu ýylyň 29-njy aprelinde we 15-nji maýynda sagat 14:00-da 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirýär. Bu barada türkmen metbugatynda bildirişler berildi.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumatlar alyp bilerler.

Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.

Telefon belgileri: 90-62-04, 90-63-96.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň