1-nji maýda TDLU-da «Açyk gapylar» güni geçiriler

16:5724.04.2020
0
4451

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bu ýokary okuw mekdebine girmek isleýän ýaşlary 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda uniwersitetiň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda sagat 15:00-da geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde ýörite bildiriş berildi.

Ol gün ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin gerekli resminamalar, okuw mekdebinde taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 18-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-98-51, 48-98-52.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň