Soňky habarlar

Arhiw

Halkara bilermenler Merkezi Aziýada söwdany ösdürmegiň meselelerine seretdiler

09:5024.04.2020
0
9762

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda Halkara söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Merkezi bankyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde ady agzalan taslamanyň möhüm düzümleri boýunça pikir alşyldy. Şol taslama söwda ulgamynda milli mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyň ösdürilmegine, hususan-da, kiçi we orta işewürlik üçin täze söwda strategiýalarynyň kabul edilmegine gönükdirilendir. Onlaýn duşuşygyna gatnaşyjylar çäreleriň amala aşyrylmagy boýunça onuň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Taraplar sebitdäki we bütin dünýädäki ykdysady ýagdaýyň howplaryny ara alyp maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmek üçin bilelikdäki ýollara garadylar hem-de ykdysady ýakynlaşmagy has-da ösdürmegiň zerurdygy barada pikirlerini aýtdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň