Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda söwda boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi

23:5723.04.2020
0
7051

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy ― diýip, TDH habar berýär.

Taraplar gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň gazanylan ýokary derejesiniň hem-de Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýola goýlan ynanyşmak gatnaşyklarynyň netijesinde özara söwdanyň, maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklere eýedigini bellediler.

Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri bilen birlikde, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulaglary ibermek babatdaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hereketleriň hatarynda agzaldy.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini belläp, islegleri hem-de goňşy döwletleriň bar bolan mümkinçiliklerini nazara alyp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek ugrunda pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine giňişleýin garaldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň