Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ÝUNESKO bilim boýunça hyzmatdaşlykdaky tagallalary artdyrýarlar

23:5223.04.2020
0
5340

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy ― diýip, TDh habar berýär.

Söhbetdeşlige Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar ýokary bilim we ylym babatda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň ýolbaşçysyna halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän bilimi ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlary barada, şeýle hem wezipesi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim konsepsiýasynyň maksatlaryny öňe ilerletmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkeziniň işi barada habar berildi.

Şamila Nair-Beduel ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardyklary üçin bilim ulgamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynda uly orun eýeleýän türkmen kärdeşlerine hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ähli ugurlary öz içine alýan we adalatly ýokary bilimi üpjün etmek hem-de hemmelere tutuş ömrüniň dowamynda bilim almak mümkinçiligini höweslendirmek ýaly işlere üns berildi.

Ol ylym bilen tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy halka hökmünde bilimiň ähmiýetini nygtap, bu ulgamyň wekillerini ÝUNESKO-nyň geljegi uly taslamalarynyň birnäçesine, şol sanda oba hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly «Mikronauka» taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem sanly ulgama degişli taslamalarda hyzmatdaşlyk etmegiň, maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşanlar ählumumy ähmiýete eýe bolan bu strategik ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda pikirlerini biragyzdan aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň