Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň üç dile terjimesiniň tanyşdyryş dabarasy boldy

23:4223.04.2020
0
10767

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edildi. Lebap welaýat kitaphanasynda täze neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Höfer — Wissing, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi bar.

Diplomatlar türkmen Lideriniň görnükli eseriniň terjime edilmeginiň wekilçilik edýän ýurtlarynyň okyjylarynda uly gyzyklanma döredendigini bellediler. Munuň özi olara ahalteke bedewleriniň taryhy we häzirki ösüşi bilen tanyşmaga, Türkmenistanda atçylygyň ösüşiniň döwürleri barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berdi.

Dabaranyň barşynda wideoaragatnaşyk boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Ýakob çykyş etdi.

Ol Assosiasiýanyň döredilmeginiň gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça türkmen seýisleriniň tejribesini giňden öwrenmäge ýardam edendigi barada gürrüň berdi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň baş sanyny Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, şol sanda Germaniýada artdyrmak işinde uly orun eýeledi.

Mundan bir ýyl ozal çapdan çykan neşir ozal türkmen, rus we iňlis dillerinde okyjylara ýetirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň