Aşgabatda Germaniýanyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi

22:3623.04.2020
0
12119

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Onda, esasan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistan bilen GFR-iň öňdebaryjy karz beriş edaralarynyň biriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ulgamda kanun çykaryjylygyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, durnukly maliýe ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.

Taraplar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky oňyn özgertmeleri belläp, milli ykdysadyýetimiziň bu ugrunda sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Innowasiýalar barada pikir, tejribe we öňdebaryjy usullary alyşmagyň ýurduň maliýe bazaryny durnukly ösdürmäge ýardam edýändigi barada biragyzdan pikirler aýdyldy. Şunda halkara ölçegler nazara alnyp, işleriň guralmagynyň zerurdygy barada bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmekde bu topara möhüm orun berilýär. Nemes tarapy bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk öňe ilerledilmegi babatda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady syýasaty goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň