Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar ligasy ― 2020: 24-nji aprelde 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

21:5823.04.2020
0
4195
Ýaşlar ligasy ― 2020: 24-nji aprelde 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

24-25-nji aprelde ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň bäşinji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Tapgyryň duşuşyklaryna anna güni badalga berler. Şol gün Mary şäherinde «Energetik II» «Altyn asyr II-ni», Aşgabatda «Köpetdag II» «Ahal II-ni» kabul eder.

Şenbe günündäki geçiriljek duşuşyklarda «Aşgabat» bilen «Nebitçiniň», «Şagadam» bilen «Merwiň» ýaşlary duşuşar.

Duşuşyklaryň geçiriljek ýeri we başlanjak wagty bilen bagly Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen maglumatlar bilen tanyşdyrýarys: 

24.04.2020 (anna)

“Energetik II” – “Altyn Asyr II”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

 

“Köpetdag II” – “Ahal II”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

 

25.04.2020 (şenbe)

“Aşgabat II” – “Nebitçi II”

Geçirilýän ýeri: Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň futbol meýdany (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

 

“Şagadam II” – “Merw II”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 12:00 .

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň