Seýdidäki zawodda 70 müň tonna benzin, 40 müň tonna dizel ýangyjy öndürildi

19:2922.04.2020
0
803

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň birinji çärýeginde çig mallary gaýtadan işlemek baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Munuň özi gaýtadan işlenilen çig malyň 135,5 müň tonnadan hem gowrak bolandygyndan habar berýär. Gaýtadan işlenilen şonça çig maldan ähli görnüşli benziniň 68,3 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 130 göterim ýerine ýetirildi.

Şol döwürde dizel ýangyjynyň hem 40 müň tonna golaýynyň öndürilmegi üpjün edildi we meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Kärhanada öndürilýän önümleriň aglaba böleginiň eksporta ugradylýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň