Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň mugallymy ― 2020» bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

15:2922.04.2020
0
4882

Paýtagtymyzdaky 68-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2020» bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry guramaçylykly geçirildi ― diýip, «Mugallymlar gazeti» gazeti habar berýär.

Bu bäsleşigiň maksady Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribesini toplan öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan geçirilen bäsleşige paýtagtymyzdaky umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň 10-sy gatnaşdy.

Bäsleşigiň dowamynda, onuň şertlerine laýyklykda, mugallymlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny, okatmagyň döwrebap usullaryny, görkezme esbaplary, goşmaça maglumatlary peýdalanyşyna, sözleýiş medeniýetliligine baha berildi. Şeýle hem kärine kämil mugallymlar synp sagatlaryny guramak arkaly hünär ussatlygyny görkezdiler. Mugallymlar guran sapaklar ynda okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesi, arassaçylyk kadalary barada düşünje bermäge, bu ugurda okuwçylaryň bilimini artdyrmaga, şeýle hem olaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan arassaçylyk düzgünlerini öwretmäge aýratyn ähmiýet berdiler.

Bäsleşigiň emin-agzalarynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherindäki 106-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Bahar Durdyýewa birinji orna, paýtagtymyzdaky 89-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Şemşat Öwezowa ikinji orna, 52-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gülaýym Taňňyýewa hemde 115-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Nurnabat Aksakowa dagy bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Ýeňiji bolan mugallymlara Hormat haty hem-de Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň