Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň hasabat konserti boldy

15:2422.04.2020
0
1792

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň hasabat konserti boldy. Bu konsert barada «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan hasabat konsertine mekdebiň talyplary, mugallymlary, sungatyň köp sanly muşdaklary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Milli aýdym-saz sungatynyň ösüşiniň beýanyna öwrülen nobatdaky hasabat konserti özboluşly baýramçylygy alamatlandyrdy. Zehinli ýaşlar we döredijilik toparlary gezekligezegine sahna çykyp, özleriniň sungat älemindäki başarnyklaryny görkezdiler.

Mekdebiň hor toparynyň ýerine ýetiren “Arkadag” diýen aýdym-sazly çykyşy bilen başlanan hasabat konsertiniň dowamynda halk aýdymdyr sazlarynyň ençemesi ýaňlandy. Dutarçylar toparynyň “Leýli gelin”, halk saz gurallar toparynyň “Daň şemaly”, “Mukam”, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary toparynyň “Şadyýan gün”, depçiler toparynyň “Bagtyýarlyk kakuwlary”, gyzlar toparynyň “Aşgabadyň ýalkymy” diýen çykyşlary ol ýere ýygnananlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary bolsa, tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrdy.

Hasabat konsertinde dünýäniň nusgawy saz eserleri hem ýaňlandy. Bu bolsa ýaşlaryň sungatda barha kämillige ýetýändiginiň dabaralanmasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň