Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 4-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

13:0122.04.2020
0
6432

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýaryş tertibi:

  1. «Ahal» 3/9
  2. «Köpetdag» 4/8
  3. «Aşgabat» 4/7
  4. «Altyn asyr» 3/5
  5. «Energetik» 4/4
  6. «Nebitçi» 4/3
  7. «Merw» 4/3
  8. «Şagadam» 4/2.

Diňe üç topar utulmady: Dört tapgyrdan soňra «Ahalda», «Köpetdagda» we «Altyn asyrda» utulyş ýok.

18 golçy: Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 18-e ýetdi. Bu bolsa her tapgyrda, ortaça dörtden gowrak futbolçynyň pökgi geçirendigini görkezýär.

8 gol: Tapgyrda derwezelere 8 pökgi geçirildi.

Iň golly tapgyr: Şeýlelikde, 4-nji tapgyr şu möwsümde iň golly tapgyr boldy.

4 tapgyrda 22 gol: Dört tapgyrda geçirilen 15 duşuşykda derwezelere 22 pökgi geçirildi. Bu bolsa her tapgyra ortaça, 5,5 goldan düşýär.

“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 1:1

Gollar: 78 Mekan Saparow (“Altyn Asyr”) – 87 Batyrgylyç Berdiýew  (“Köpetdag”).

Çempion üç duşuşykda ikinji gezek büdreýär: «Altyn asyr» şu möwsümde geçiren duşuşyklarynda eýýäm ikinji gezek utuk ýitirdi.

Birinjidi, indi ikinji: Tapgyrda «Ahalyň» ýeňiş gazanmagy bilen, «Köpetdag» ikinji orna düşdi.

Üçünjidi, indi dördünji: Bu deňlikden soňra «Altyn asyr» ýaryşda bir basgançak aşak gaçyp, dördünji orna geldi.

Ilkinji gollar: Mekan Saparow hem, Batyrgylyç Berdiýew hem şu möwsümde ilkinji gezek tapawutlandylar.

Ýokary ligadaky 10-njy gol: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Batyrgylyç Berdiýew Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi.

Ilkinji bäşlikde: Şahsy hasaplamalarymyza görä, Ýokary ligada «Köpetdagyň» düzüminde 7-nji pökgüsini geçiren Batyrgylyç Berdiýew topar bilen iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji dörtlügine girdi.

60-njy deňlik: Bu deňlik «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 60-njy deňligidir.

“Merw” – “Aşgabat” – 0:1

Gol: 32 Nurýagdy Muhammedow (“Aşgabat”).

Dört duşuşykda üç utulyş: Bu netije «Merwe» degişlidir. Möwsümde diňe «Energetigi» ýeňen «Merw» galan üç garşydaşyndan asgyn geldi.

Möwsüme 4-nji tapgyrda girişdi: 36 ýaşly hüjümçi Nurýagdy Muhammedow şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

“Ahal” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: 42 Gurbanguly Aşyrow, 50 Elman Tagaýew – 11 m.j.u. (“Ahal”).

Arassa ýeňiş: Yzda galan dört tapgyrdan soňra «Ahal» arassa ýeňiş gazanyp, utuk ýitirmän gelýän ýeke-täk topardyr.

Dördünji duşuşykda hem ýeňiş ýok: «Şagadam» şu möwsümde ýeňiş gazanyp görmedik ýeke-täk topar bolup galdy.

«Ahal» ýene gol geçirtmedi: Yzda galan üç duşuşykda «Ahal» derwezesine ýekeje pökgi hem geçirtmedi. Ol şu möwsümde şuny başaran ýeke-täk topardyr.

Tagaýew ― ynamly öňde: Elman Tagaýew möwsümdäki gollarynyň sanyny dörde çykaryp, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ynamly öňde barýar.

Üç duşuşykda-da Tagaýew: Elman Tagaýew «Ahalyň» şu möwsümde geçiren üç resmi duşuşygynda-da tapawutlandy.

850-nji gol: «Ahal» Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 850-ä tegeledi.

“Nebitçi” – “Energetik” – 1:2

Gollar: 35 Ýylgaýguly Abdullaýew (“Nebitçi”) – 28 Guwançgeldi Ýagmyrow, 69 Rahmet Şermetow (“Energetik”).

Ilkinji ýeňiş: «Energetik» şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

Üç basgançak ýokary: Ilkinji ýeňiş tapgyra sekizinji orunda girişen «Energetigi» bäşinjilige çenli çykardy.

4/4-lik topar: «Energetik» dördünji duşuşygynda 4-nji utugyny gazandy.

Ilkinji gollaryny geçirdiler: Duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň üçüsi hem şu möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

Ýokary ligadaky ilkinji goly: Ýylgaýguly Abdyllaýew Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasyndaky ilkinji goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň