TÝL ― 2020: «Ahal» pökgi geçirtmedik ýeke-täk topar

12:3722.04.2020
0
8105

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň yzda galan dört tapgyrynyň duşuşyklaryndan soňra «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary derwezesine pökgi geçirtmedik ýeke-täk topardyr.

1-nji tapgyrda «Nebitçini» 2:0, 3-nji tapgyrda «Merwi» 3:0, 4-nji tapgyrda «Şagadamy» 2:0 hasabynda ýeňen Hojaahmet Arazowyň şägirtleri bu ajaýyp netije bilen möwsüme üstünlikli girişdiler.

Ýeri gelende aýtsak, yzda galan dört tapgyrdan soňra Marynyň «Merwi» derwezesinde iň köp gol gören topardyr. Topar dört duşuşykda derwezesine 6 pökgi geçirtdi. Şeýle hem «Nebitçi» bilen «Şagadam» 4, «Energetik» 3, «Altyn asyr» 2, «Köpetdag» bilen «Aşgabat» bir gezek derwezesini goldan gorap bilmediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň