Soňky habarlar

Arhiw

“Barselona” stadionynyň adyny üýtgedýär

19:2821.04.2020
0
8168

Ispaniýanyň “Barselona” topary taryhynda ilkinji gezek stadionynyň adyny üýtgedýär. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Habarda: “Ýer togalagy häzirki zamanyň iň uly saglyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolup dur. Dünýä jemgyýetçiligi sosial we ykdysady kynçylygy başdan geçirýär. “Barselona” topary-da bu uly başagaýlykda adamzadyň bähbidine özi üçin adaty bolmadyk karara geldi” diýlip beýan edilýär. Topar geljek möwsümde diňe bir möwsümlik “Kamp Nou” adynyň ýanyna kompaniýalarynyň biriniň adyny mahabat üçin goýmagy meýilleşdirýär. Şol mahabatdan geljek ähli girdeji-de koronowiruse garşy göreşde, onuň waksinasyny tapmak üçin geçiriljek barlagdyr gözlegleriň harajatyna bagyşlanar. Dünýäniň iň köp tomaşaçy sygdyrýan 3-nji, Ýewropanyň 1-nji stadiony bolan “Kamp Nou” 1954-1957-nji ýyllarda guruldy. Şondan bäri ady “Kamp Nou” bolan we 99354 tomaşaçy orunlyk bolan stadionda dürli ýyllarda abatlaýyş işleri geçirildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň