Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Ahal» dört tapgyrda iň köp pökgi geçiren topar

18:1521.04.2020
0
5894

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2020-niň yzda galan dört tapgyrynda üç duşuşyk geçirendigine garamazdan, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary möwsümde iň köp pökgi geçiren topardyr. Hojaahmet Arazowyň şägirtleri yzda galan üç duşuşykda 7 gezek tapawutlandylar.

Has takygy, 1-nji tapgyrda «Nebitçiniň» derwezesinden jogapsyz iki pökgi geçiren «Ahal» 3-nji tapgyrda «Merwi» 3:0 hasabynda ýeňdi. 4-nji tapgyrda «Şagadam» bilen bolan duşuşygyň hem «Ahalyň» peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanandygyny habar beripdik.

Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde «Altyn asyr» 4, «Köpetdag» 3, «Aşgabat» bilen «Energetik» 2, «Nebitçi», «Merw» we «Şagadam» bir pökgi geçirdi.

"Ahalyň" 7 golunyň 4-siniň ýarym goragçy Elman Tagaýewe degişlidigini hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň