TÝL ― 2020: diňe üç topar utulmady

18:1121.04.2020
0
3846

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2020-niň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary hem yzda galdy. Olarda göz öňünde tutulan 16 duşuşygyň 15-si geçirildi.

Şol duşuşyklaryň netijesine görä, Ýokary liganyň sekiz wekilinden diňe üç topar heniz utulyp görenok. Olaryň ýaryşyň kerwenbaşysy «Ahal», ikinji orundaky «Köpetdag» we häzirki çempion «Altyn asyrdyr».

Dört tapgyrda üç duşuşyk geçiren «Ahalyň» häzire çenli ýaryşy arassa ýeňiş bilen dowam etdirýän ýeke-täk topardygyny habar beripdik. «Köpetdag» bolsa dört duşuşygyň ikisinde ýeňiş gazanyp, şonçasynda deňme-deň oýnady.

Edil «Ahal» ýaly üç duşuşyk geçiren «Altyn asyryň» hasabynda henize çenli bir ýeňiş we iki deňlik bar.

Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde «Nebitçi» bilen «Merw» üç, «Energetik» bilen «Şagadam» iki, «Aşgabat» bolsa bir duşuşykda utuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň