TÝL ― 2020: çempion üç duşuşykda 4 utuk ýitirdi

18:0821.04.2020
0
5785

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň soňky alty möwsümini öz çempionlyklaryna beslän «Altyn asyryň» täze möwsüme isleýşi ýaly başlabermeýşi nazarlardan sypanok. Türkmneistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri şu möwsümde geçiren üç duşuşygynda garşydaşlary bilen eýýäm ikinji gezek deňme-deň oýnaýar.

Şeýlelelikde, şu möwsümde diňe «Merwi» ýeňip, «Şagadamdyr» «Köpetdag» bilen deňme-deň oýnan «aragatnaşykçylar» üç duşuşykda 4 utuk ýitirdiler. Olar bu netije bilen ýaryş tertibiniň dördünji basgançagynda barýarlar. Yzda galan üç duşuşykdan soňra «Altyn asyrda» 5 utuk bar.

Ýeri gelende aýtsak, ýokarda agzalan duşuşyklarda garşydaş derwezelere dört pökgi geçiren «Altyn asyr» öz derwezesinde iki gol gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň