TÝL ― 2020: «Merw» dört duşuşykda üçünji gezek ýeňildi

18:0521.04.2020
0
4212

Mary şäheriniň «Merw» futbol topary üçin hem bu möwsümde hem janköýerlerini begendirmek kyn düşýär. 19-njy aprelde 500 janköýeriň ýygnanmagynda geçirilen duşuşykda topar «Aşgabatdan» 0:1 hasabynda ýeňildi.

Şeýlelikde, şu möwsümde diňe «Energetigi» ýeňip bilen «Merw» beýleki üç garşydaşyndan ― «Ahaldan», «Altyn asyrdan» we «Aşgabatdan» asgyn geldi.

Yzda galan duşuşyklarda garşydaş derwezelere diňe 1 pökgi geçirip bilen «Merwiň» futbolçylary öz derwezesinde 6 pökgi gördüler. Ýeri gelende aýtask, «Merw» dört tapgyrdan soňra iň köp pökgi geçirden topardyr.

Biz şu möwsümde «Merwden» başga «Nebitçiniň» hem dört duşuşygyň üçüsinde ýeňlendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň