Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Şagadam» dördünji duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp bilmedi

17:2221.04.2020
0
3423

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary Türkmenistanyň çempionaty ― 2020-niň 4-nji tapgyrynda hem ýeňiş gazanyp bilmedi. Şeýlelikde, «kenarlylar» şu möwsümde ýeňiş bilen didarlaşyp bilmedik ýeke-täk topardyr.

Geçen möwsümi bürünç medal bilen tamamlan toparyň bu ýyl şeýle pes netije görkezmegi hemmeleri haýran galdyrýar. «Şagadam» yzda galan dört duşuşygyň ikisinde ýeňildi, ikisinde hem hem deňme-deň oýnady.

Has takygy, şu ýyl öz meýdanyndaky duşuşyklarda deňme-deň oýnap gelýän «kenarlylar» myhmançylykdaky duşuşyklarynyň ikisinde hem garşydaşlaryndan asgyn geldi. Toparyň 2-nji tapgyrda myhmançylykda «Nebitçiden» hem ýeňlendigini ýatladýarys.

«Şagadam» 4-nji tapgyrda bolsa «Ahaldan» 0:2 hasabynda asgyn geldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň