Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Ahal» ýaryşyň başyna geçdi

23:5720.04.2020
0
5933

Şu gün Aşgabatda, Baýramalyda we Balkanabatda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyry tamamlandy.

«Aşgabat» myhmançylykda Marynyň «Merwinden» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Baýramaly şäherindäki Sport desgasynda geçirildi. mDuşuşykdaky ýeke-täk pökgini 32-nji minutda 36 ýaşly hüjümçi Nurýagdy Muhammedow geçirdi. Bu ýeňişden soňra «Aşgabat» 7 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çenli çykdy. «Merw» bolsa 3 utuk bilen ýedinji basgançaga düşdi.

Marynyň «Energetigi» bolsa myhmançylykda «Nebitçini» 2:1 hasabynda ýeňdi. 18-nji minutda hüjümçi Guwançgeldi Ýagmyrow «Energetigi» hasapda öňe çykaran hem bolsa, 7 minut soňra «Nebitçi» Ýylgaýguly Abdyllaýewiň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. 69-njy minutda tapawutlanan ýarym goragçy Rahmet Şermetow bolsa myhman topara arzyly ýeňşi getirdi. 31 ýaşly futbolçynyň geçen möwsümde Gyrgyzystanyň «Alga» toparynda çykyş edendigini ýatladýarys.

Şu tapgyra ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagynda girişen «Energetik» bu ýeňişden soňra bäşinji orna çenli çykdy. «Nebitçi» bolsa altynjylykda galdy.

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi futbol meýdanynda geçirilen başga bir duşuşyk «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Hojaahmet Arazowyň şägirtleri şol gün Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparyny 2:0 hasabynda ýeňdiler. Bu ýeňişden soňra utugyny 9-a çykaran «Ahal» ýaryşyň birinji basgançagyna çykdy.

Duşuşygyň 42-nji minudynda Gurbanguly Aşyrow ýer eýelerini hasapda öňe çykardy. 50-nji minutda bolsa «Şagadamyň» futbolçylary öz jerime meýdanynda oýnuň düzgünini bozdular. Eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren ýarym goragçy Elman Tagaýew möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny hem 4-e çykardy.

Türkmenistanyň geçen möwsümdäki wise-çempionynyň şu ýyl ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp gelýändigini hem ýatdan çykarmaly däl. Geçen möwsümi bürünç medal bilen tamamlan «Şagadam» bolsa dört duşuşykda toplap bilen 2 utugy bilen ýaryşyň iň soňky ornuna çenli düşdi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna 25-nji aprelde badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň