Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sport çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

21:3720.04.2020
0
926

Şu gün – 20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda  häkimler “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň nusgalyk göreldesine eýerip, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “2020-nji ýyl – Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi” şygary astynda welosipedli ýöriş hem-de uzak aralyga ylgamak boýunça köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdiler.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (20.04.2020) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň