Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB-de 34 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

16:4918.04.2020
0
6805

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Polipropilen we EСO 93 belgili awtobenzin («Türkmengaz» DK) Russiýadan we Owganystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna el halylary we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Malta, Gyrgyzystan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 33 million 977 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan we Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 684 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi hem-de el halylary satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni («Türkmengaz» DK), plastik paddonlary, pagta-süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 149 müň manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň