Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow: «VAR eminlere adalatly netije çykarmaga mümkinçilik berer»

12:1818.04.2020
0
6512

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň ýolbaşçylary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda eminlere wideo kömek (VAR) ulgamyny peýdalanyp başlajakdyklaryny habar berdiler. FIFA-nyň referisi Çary Gurbanow bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtyna käbir pikirlerini beýan etdi.

- Işe girizilýän her bir täzelik millionlaryň söýgüli oýny hasaplanylýan futboly kämilleşdirmekden, oňa bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ugur alýar. Eminlere wideo kömek (VAR) ulgamy barada aýdylanda, ol eýýäm bütin dünýäde synagdan geçip ýören täzelik.

- Eminlere wideo kömek (VAR) ulgamynyň esasy aýratynlygy nämeden ybarat diýip, hasap edýärsiňiz?

- Meniň pikirimçe, komandalaryň gazanýan netijeleriniň adalatly bolmagy üçin bu ulgamyň ulanylmagy möhümdir. Şeýlelikde, wideo kömek ulgamy eminlere adalatly netije çykarmaga mümkinçilik berer.

- Eminleriň sanyny köpeltmek arkaly adalatly netije gazanmaga hem synanyşyk edildi? Muňa nähili garaýarsyňyz?

- Ylalaşýaryn. Eminleriň sanyny köpeltmek bilen hem ýagdaýdan çykalga gözlenildi. Emma her bir pursatyň minutyň däl, sekundyň birnäçe ülşünde ýüze çykýandygy sebäpli eminiň gözi bilen hemme netijäniň talabalaýyk bolmagyny gazanmak mümkin däl. Ine, şu ýerde hem wideo kömek ulgamynyň zerurdygyny nygtamak isleýärin.

***

Türkmenistanly tejribeli futbol emini Çary Gurbanowyň kän ýyllar bäri halkara ýaryşlarynda eminlik edip ýörendigini ýatladýarys. Ol öz tejribesine salgylanyp, futbolyň özüneçekijiligini artdyrjak bu täzeligiň wagtyň geçmegi bilen edilýän tamany ödejekdigine ynanýandygyny gürrüň berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň