Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy

09:3918.04.2020
0
6376

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz senagatyny kämilleşdirmek, önümçilige döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp düzmeleri ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologik maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda düzgünleşdirilýär, bu gaznanyň işini we onda saklanylýan maglumatlary alyp barmagyň hem-de peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibiniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu taslamada, esasan, ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen geologik, geofiziki, gidro-geologiki işler, inžener-geologik gözlegler, geologik-surata düşüriş we beýleki geologik-gözleg işleriniň ähli görnüşleri boýunça hasabatlary umumylaşdyrmak we ulgamlaýyn esasda dolandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Geologiýa gaznasynda saklanylýan hasabatlary peýdalanmagyň, elektron göterijilerde ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini üpjün etmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geljek üçin kesgitlenen meýilnamalaryň nebitgaz, himiýa, dag-magdan we beýleki pudaklaryň mineral-çig mal binýadyny yzygiderli giňeltmegi talap edýändigini belledi.

Şunda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny öwrenmäge, netijeli we oýlanyşykly peýdalanmaga toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezident nebitgaz toplumynyň dürli pudaklaryna döwrebap elektron tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň, beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işleriň gerimini giňeltmek barada görkezme berdi.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda hem-de maýa goýumlaryny çekmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň