Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2020-nji ýylda 2 müň 400 tonna şaly öndürmek meýilleşdirilýär

23:5817.04.2020
0
8453

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligini we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şu ýyl ýurt boýunça jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, 82 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek, hususan-da, Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna hem-de Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň