Hytaýda 100 müň orunlyk stadion gurulýar

14:0617.04.2020
0
7834

«Sinhua» agentligi tarapyndan berilýän habara görä, Hytaýyň Guançžou şäherinde 100 müň orunlyk ägirt uly stadionyň gurluşygyna girişildi.

Gurluşyk meýdany, takmynan, 150 müň inedördül metr bolan stadionyň umumy meýdany 300 müň inedördül metre ýeter. Stadion «Guançžou Ewergrand Taobao» futbol klubyna eýeçilik edýän Hytaýyň «Evergrande Group» kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Stadionyň bahasy 1,5 milliard dollara barabar bolar.

Taslamasy amerikaly binagär Hasan Saýede degişli bolan stadionyň daşky görnüşi lotos gülüni ýatladar. Bu gül Hytaýda örän meşhurdyr.

Gurluşygy 2022-nji ýylyň ahyrynda tamamlamagy meýilleşdirilýän stadiona 100 müň tomaşaçy ýerleşer. VIP orunlarynyň sany 168-e ýetjek arena dünýäniň iň uly stadiony bolar.

Hytaýyň 2023-nji ýylda Aziýa kubogyny kabul etjekdigini ýatladýarys. Belki, Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna dünýäniň iň uly stadionynda çykyş etmek miýesser eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň