«Senagatbank» bank edaralarynyň arasynda geçirilen futzal ýaryşynda ýeňiji boldy

23:2916.04.2020
0
2929
«Senagatbank» bank edaralarynyň arasynda geçirilen futzal ýaryşynda ýeňiji boldy

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ady bilen Türkmenistanyň “Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky tarapyndan geçirilen futzal ýaryşyna ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň 10-sy baş baýrak ugrunda güýç synanyşdy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzda geçirilen ýaryşyň dowamynda toparlar ilki toparçalaryň ikisinde bäsleşdiler. Ilkinji iki orny eýelänler bolsa bäsleşigi ýarym finalda dowam etmäge mümkinçilik aldylar. Tejribeli tälimçi Mergen Ataýewiň tälimçiligindäki “Senagatbank” toparynyň görkezen oýny has-da täsirli boldy. Finalda esasy bäsdeşi “Halkbank” bilen duşuşan “Senagatbank” topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Bäsleşigiň dowamynda garşydaşlarynyň derwezesine netijeli urgularyň 9-syny geçiren “Senagatbank” toparynyň oýunçysy Annaberdi Çaryýew “Iň köp top geçiren oýunçy” diýlip yglan edildi.

Çempionatyň netijesi boýunça hormatly üçünji orny “Türkmenistan” Döwlet Täjirçilik bankynyň topary eýelemegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň