Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we owgan taraplary demir ýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

18:3716.04.2020
0
7669

Şu gün «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygynyň meseleleri hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, strategik ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda bilelikdäki iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahata gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan bu taslamanyň ulag düzüminiň giňeldilmegine hem-de doganlyk ýurtdan hyzmatdaşlarymyza utgaşykly logistiki hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Taraplar Akina — Andhoý we Turgundy — Hyrat demir ýol şahalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olara täze logistika ugurlarynyň birikdirilmegi bilen bu demir ýol ugurlarynyň halkara ulag geçelgeleri hökmündäki ähmiýetiniň artjakdygyna ynam bildirdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar işleriň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, bu ugurdaky işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny bellediler.

Maslahatyň dowamynda şeýle hem OYR-nyň çäklerinden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny hem-de demir ýol düzümleriniň işlerini netijeli guramak, «Lapis Lazuli» ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň