Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda WECOOP taslamasy boýunça wideomaslahat geçirildi

18:3116.04.2020
0
6464

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we degişli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary «ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

«Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna kadalaşdyryş namalaryny taýýarlamak, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň Tokaý kadastryny taýýarlamak, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny guramak geçirilen pikir alyşmalaryň özenini düzdi.

Onlaýn duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny şertlendirýän geňeşmeleriň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň