Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary dermanlyk ösümlikleriň täsiriniň täze ugurlaryny gözleýärler

17:3816.04.2020
0
5147

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde we ylmy-barlag institutlarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eseriniň esasynda ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn düýpli öwrenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu ýerde diňe bir dermanlyk ösümlikleri öwrenmek bilen çäklenilmän, eýsem, olaryň täsiriniň täze ugurlaryny ýüze çykarmak boýunça ýörite ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Şeýlelikde akademiýanyň lukmançylyk ylymlary bölüminde alnyp barylýan bu işler halkymyzyň saglygyny goramakda özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ensiklopedik işi 11 jilde çenli baryp ýetdi. Işiň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilmegi bolsa onuň lukmançylyk ylmy üçin diýseň gymmatly gollanmadygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň