Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew: «Türkmenistan ― sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy»

12:2515.04.2020
0
6884

Gysga wagtlyk arakesmeden soňra Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionaty 19-njy aprelde dowam eder. Muňa türkmenistanly legioner, Özbegistanyň «Maşal» klubynyň wekili Didar Durdyýew öz şatlygyny beýan etdi. Tejribeli hüjümçiniň aýdanlary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda getirilýär:

«Futbol boýunça milli çempionatymyzyň dowam etdirilmegi «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr» diýlen şygaryň kanunalaýyklykdygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu biziň hemmämiz üçin şatlykly habar. Türkmen toparlarynyň we futbolçylarynyň hemmesine uly üstünlik arzuw edýärin! Bizem internet arkaly çempionatymyzyň oýunlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa ederis. Habarlaryň öz wagtynda milli saýtlar arkaly dürli dillerde elýeterli edilýändigi sebäpli milli çempionatymyz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarys».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň