Arhiw

Şu gün Älem giňişligine uçmagyň halkara güni bellenilýär

15:5112.04.2020
0
6637
Şu gün Älem giňişligine uçmagyň halkara güni bellenilýär

Şu gün bütin dünýä Älem giňişligine uçmagyň halkara gününi belleýär. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde kosmonawt Ýuriý Gagarin ilkinji gezek älem giňişligine uçup, Ýeriň atmosferasyndan çykypdy. BMG Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisiniň 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde kabul edilen karary bilen 12-nji aprel her ýyl halkara derejesinde bellenilýän Älem giňişligine uçuş güni diýlip yglan edildi.

Ýuriý Gagarinden soňra 40 döwletden 560-dan gowrak adam bu giňişlige çykdy.

Häzirki wagtda kosmos bilen bagly ylymyň we tehnologiýanyň gazananlaryna ymtylmaýan döwlet ýok. Türkmenistan hem özüniň «TürkmenÄlem 52 E» emeli hemrasyny uçurdy. Türkmenabatly kosmonawt Oleg Kononenko bolsa Halkara kosmos stansiýasyna dört, açyk älem giňişligine bäş gezek çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň