Aşgabadyň binagärlik ansamblyna ýakyn wagtda kaşaň "Arkadag" myhmanhanasyny bezär goşar

14:4512.04.2020
0
26933

Aşgabadyň günortasynda, Arçabil bilen Çandybil şaýollarynyň arasynda ýokary derejeli Arkadag myhmanhanasynyň gurluşygy dowam edýär. Ýarym tegelek görnüşindäki ajaýyp myhmanhana toplumy 22,9 gektar meýdanda gurulýar. Onuň gurluşyna myhmanhana, işewürlik merkezi we aýratyn myhmanhana girer. Binalaryň dizaýnynda milli türkmen bezegi we beýleki aýratyn dizaýn jikme-jiklikleri ulanylar. Toplumyň ýanaşyk ýerlerinde 725 metrdäki emeli döredilen derýa, şeýle hem emeli köl, gidroparkly açyk howuz, suw çüwdürimleri, tomusky restoran we kafe bolar. Munuň bilen birlikde, taslama 600 metrlik awtoulag ýolunyň gurluşygyny hem öz içine alýar.

Myhmanhananyň gurluşygynyň dowamynda esasy üns, işiň hilini, häzirki zaman taslamalarynyň milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşmasyny üpjün etmekden ybaratdyr. Binanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, enjamlara we bezeg işlerine çenli ähli ugurlarda halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň