Soňky habarlar

Arhiw

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde onlaýn halkara maslahat geçirildi

20:1411.04.2020
0
6276

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ilkinji halkara ylmy-amaly onlaýn maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä ýurdumyzyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wýetnamyň görnükli ylmy işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy ― diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Hususan-da, bu gezekki wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şertlerinde we bu abraýly derejäniň tutuş dünýäniň ylmy bileleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna edýän täsiriniň netijesinde, internetiň we sanly tehnologiýanyň ösüşi maslahatda seredilen esasy meseleler boldy.

Ýaponiýanyň Kanagawa, Hirosaki, Tohoku uniwersitetleriniň, Bolgariýanyň Angela Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň, Rumyniýanyň Buharest politehniki uniwersitetiniň mugallymlary talyplar üçin wajyp mowzuklar boýunça çykyşlary guradylar. Olarda kremniý karbidiniň nano gatlaklaryny almagyň we ýarym geçiriji elektron gurallaryň önümçiliginiň tehnologiýasy, energetikada nano serişdelerini ulanmak, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, daşky gurşawy goramak we ekologiýa wezipelerini çözmek hem-de başga-da köp sanly ugurlar boýunça robot tehnikasyny ulanmagyň usullary ýaly meseleler beýan edildi.

Bilermenleriň pikirine görä, öňe sürlen taslamalar hem-de başlangyçlar Türkmenistanda amala aşyrmak üçin döwrebaplaşdyrylar we uýgunlaşdyrylar. Wýetnamyň Ho Şi Min adyndaky Halkara uniwersitetiniň hem-de Germaniýanyň Leýbnis adyndaky kristallary öwrenmek ylmy-barlag institutynyň wekilleri bilelikdäki barlaglar üçin uly geljegi bolan işläp taýýarlamalaryny görkezdiler.

Sanly we intellektual tehnologiýalaryň esasynda uzak aralykdan okatmagyň täzeçil usullaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn duşuşygy oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň