Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň maslahaty geçirildi

23:4809.04.2020
0
10127

Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, alymlar, şeýle hem Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilermenleri, tejribeli hünärmenler girýän iş topary yzygiderli esasda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen taslamasyna gelip gowuşýan tekliplere seljerme geçirýärler.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, edara-kärhanalaryň toparlaryndan, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan tekliplere seljerme berildi. Şunda Esasy Kanunyň kämilleşdirilmegi babatda halkara hukugyň kadalaryna we daşary ýurtlaryň oňyn tejribesine aýratyn üns berildi.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren taryhy başlangyjy ähli halk tarapyndan makullanma we goldawa eýe boldy.

Şeýle hem syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň konstitusion özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň mazmunyny düşündirmek, şeýle hem gelip gowuşýan teklipleri toplamak, deslapdan öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça ýerlerde geçirilýän işler baradaky habarlary diňlenildi.

Maslahatyň barşynda bu ýere ýygnananlar iş toparynyň işiniň, şol sanda wagyz-düşündiriş işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeleri kesgitlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň