Arhiw

BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar

21:3809.04.2020
0
7732

9-njy aprelde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitleýin hem-de halkara gün tertibine degişlilikde pikirleri alyşdylar. Hususan-da, ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri, maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýaly meselelere seredilip geçildi, bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň ilatyň saglygyny we maddy-hal ýagdaýyny gorap saklamak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň