Soňky habarlar

Arhiw

Daşary işler ministri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

21:3509.04.2020
0
6177

9-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Taraplar sebitleýin gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurlygyny hem-de şu ýylyň Türkmenistan, edil şonuň ýaly-da BMG üçin hem ähmiýetli bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň