Hojambazdaky täze aragatnaşyk merkezi netije berýär

18:5409.04.2020
0
741

Hojambaz etrabyndaky döwrebap aragatnaşyk bölümi mundan bir ýyl ozal açylyp, ulanylmaga berildi. Sanlar we maglumatlar geçen bir ýylyň dowamynda etrapda aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnetin gowulanandygyny görkezýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Has takygy, Amyderýanyň sag kenaryndaky etrapda telefon nokatlaryndan peýdalanýan şahsy hojalyklaryň sany 5 müňden geçdi. Şeýle hem soňky bir ýylyň içinde 400-den gowrak hojalyga täze, ýokary tizlikli internet hyzmatlary birikdirildi.

Ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesini hödürleýän döwrebap binada demir ýol we awia petekleriniň satuwyny ýola goýmak boýunça hem işler alnyp barylýar.

Mahlasy, döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen bölüm ýerli ýaşaýjylara ýokary derejede hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň