Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: çempionat 19-njy aprelden başlap dowam eder

18:4509.04.2020
0
836

Geçirilýän senesi wagtlaýynça soňa süýşürilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň oýunlaryna 19-njy aprelde badalga berler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Şol gün 4-nji tapgyryň çäginde “Altyn Asyr” – “Köpetdag” toparlary duşuşar. 20-nji aprelde bolsa duşuşyklaryň üçüsi (“Nebitçi” – “Energetik”, “Merw” – “Aşgabat”, “Ahal” – “Şagadam”) geçiriler.

Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň 7 utuk toplan paýtagtymyzyň “Köpetdag” toparynyň ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny eýeleýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýär.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 13-nji iýuna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň