Soňky habarlar

Arhiw

«Şabat» süýt önümlerini öndürmekde 130 göterim ösüş gazandy

18:0109.04.2020
0
1402

Daşoguz welaýatynyň azyk önümçiliginde mynasyp orun eýeleýän «Şabat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň göwnejaý guralmagy, ähli önümçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işledilmegi netijesinde öndürilýän harytlaryň möçberi barha ýokarlanýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhana boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde 1 million 673 müň 480 manatlyk süýt we süýt önümleri öndürilip, 131,3 göterim ösüş gazanyldy. Kärhananyň önümçilik bölümlerine ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, goşmaça enjamlar netijeli işledilýär. Bu bolsa önümçiligiň mukdaryny artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Paýdarlar jemgyýeti boýunça şu ýylyň üç aýynda 9,5 tonna mesge öndürilip, 150,8 göterim ösüş üpjün edildi. Kabul edilip, gaýtadan işlenen süýdüň hasabyna bu ýerde peýnir hem dorogyň 20 tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 4,5 tonna köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň