«Ak Tam Bazary» topary Aşgabatda okuw geçirdi

17:1309.04.2020
0
16301

Ak Tamyň merkezi edarasynda «Ak Tam Bazary» söwda platformasyny ulanmak endikleri boýunça hepdelik okuw geçirildi.

Okuwyň dowamynda dürli ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi:

«Ak Tamyň» düýbüni tutujy Akbäbek Taganowa işewürligiň we marketingiň esaslary barada çykyş etdi.

Çagyrylan spiker Ýewa Çommiýewa onlaýn satuw meselesini jikme-jik gözden geçirip, çykyşyny onlaýn ýaýlyma berdi.

«Ak Tam Bazary» taslamasynyň direktory Jahan Abdyllaýewa ony dörediji hökmünde internet çeşmesiniň işleýşi, ondan peýdalanmagyň aňsat ýollary barada çykyş etdi.

Seminaryň ahyrynda Ak Tam Bazary taslamasynyň menejeri Madina Seýitnyýazowa çykyş etdi. 

Her çarşenbe güni sagat 15:00-da «Ak Tam» toparynyň “Ak Tam Bazary” söwda platformasynyň hasaba alnan gatnaşyjylary we goşmak isleýänler üçin okuw geçirýändigini ýatladýarys. Häzirki wagta çenli saýtda dürli görnüşli harytlar bilen 167 dükan hasaba alyndy.

Habaralaşmak üçin: +99362426381, +993 62672027.

E-poçta: admin@aktam.com.tm

Salgysy: Aşgabat şäheri, köç. Yylgaý Durdiýewa, 52 (Ak Enar binasy).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň