Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Bütindünýä banky geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

16:5409.04.2020
0
8958

8-nji aprelde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlary çekmek meseleleri babatynda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň