Dünýäde ýylyň awtoulagy

15:5109.04.2020
0
865

Nýu-Ýork halkara awtoulag sergisiniň çäklerinde gowşurylýan “Dünýäde ýylyň awtoulagy” baýraklary mälim edildi. Bu baýragyň ýeňijileri dünýäniň 24 ýurdundan 82 awtoulag žurnalistiniň ses bermeginde kesgitlenýär. Halkara serginiň geçiriljek wagty yza süýşürilen hem bolsa, baýragy mynasyp bolanlar aýan edildi. Her ugurdan üç model finaly çykmaga hukuk gazandy. Baş baýraga “Kia”-nyň iň täze modeli “Telluride” mynasyp görüldi. Ýylyň şäher awtoulagy “Kia Soul EV”, Ýylyň lýuks awtoulagy “Porsche Taycan”, Ýylyň iň gowy dizaýnly ulagy “Mazda3” we Ýylyň kuwwatly ulagy “Porsche Taycan” saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň